Ewelýusiýanyň sintetiki teoriýasynyň emele gelmegi

Автор работы: Пользователь скрыл имя, 27 Января 2015 в 15:01, доклад

Краткое описание

ХХ asyryň başlarynda biologiýa bilen iş salyşýan alymlar, esasan, neslegeçijiligiň we üýtgeýjiligiň kanunalaýyklaryny öwrenmek bilen meşgul boldular. Ç. Darwiniň döwründe neslegeçijilikde islendik organizmiň bütewiligine mahsus bolan umumy häsiýet hökmünde garalýardy („bütewüleşen neslegeçijilik“).Tebigy seçginiň garşysyna gönükdirilen garşylyklaryň biri hem şu düzgün bilen baglanşykly. Bu garşylyk öz döwründe Ç.Darwini hem iňkise goýupdyr.

Прикрепленные файлы: 1 файл

DOKLAD1.doc

— 33.00 Кб (Скачать документ)

 

 

 

 

 

DOKLAD

 

 

Ewelýusiýanyň sintetiki teoriýasynyň emele gelmegi.

 

 

 

 

                     

 

                      Kabul eden: Ylýasowa Ýazgül

 

 

 

 

Aşgabat – 2012ý.

      ХХ asyryň başlarynda biologiýa bilen iş salyşýan alymlar, esasan, neslegeçijiligiň we üýtgeýjiligiň kanunalaýyklaryny öwrenmek bilen meşgul boldular. Ç. Darwiniň döwründe neslegeçijilikde islendik organizmiň bütewiligine mahsus bolan umumy häsiýet hökmünde garalýardy („bütewüleşen neslegeçijilik“).Tebigy seçginiň garşysyna gönükdirilen garşylyklaryň biri hem şu düzgün bilen baglanşykly. Bu garşylyk öz döwründe Ç.Darwini hem iňkise goýupdyr.            Darwiniň pikirine görä, organizimleriň ewolýusiýasy görnüşiň aýry-aýry osoblarynda tebigy seçgi tarapyndan toplanýan ujypsyz nesle geçýän üýgeşmeler arkaly amala aşýar. Bu täze gazanylan alamatlar örän ujypsyz bolup, diňe käbir osoblarda ýüze çykýarlar. Haçanda täze alamatly osoblar bu alamaty bolmadyklar bilen çaknyşanlarynda soňky nesilleriň her birinde alamat iki esse azalyp, „eräp“ gidýär. Täze alamat köp sanly osoblaryň arasynda nesilden-nesle paýlanyp, uzagyndan doly ýitip gidýär. Elbetde, bu hilli garaýyşlar düýbünden ýalňyş, sebäbi olar „bütewüleşen neslegeçijilige“ ýalňyş   düşünmeklige esaslanandyrlar. Eýýäm genetikanyň ösüşiniň ilkinji döwürlerinde neslegeçijiligiň garaşsyz (diskret) häsiýete eýedigi mälim boldy. Neslegeçijilikde her bir alamatyň aýry-aýry maddy birlikler-genler arkaly dolandyrylýanlygyna göz ýetirildi. Şol sebäpden täze alamatlar çaknyşmalaryň netijesinde „eräp“ gitmeýärler, olaryň ýüze çykmagy aýry-aýry genleriň üýtgemegi bilen baglanyşykly. Genler özara täsirleşseler-de, goşulyşyp biri-birini „eretmeýärler“. Her bir nesle geçýän üýtgeýjilik (mutasiýa) ýüze çykandan we durnuklylyk synagyndan geçenden soň saklanyp galýar hem-de görnüşiň osoblarynyň arasynda indiki nesillere ýaýradylýar. Ilkibaşda alymlar genetikada edilen açyşlara dogry baha berip bilmediler we genetikany darwinizme garşy ulanmaga synanyşdylar. Olar nesle geçýän üýtgeýjilige ewolýusiýanyň esasy faktory hökmünde garap, tebigy seçgä ikinji derejeli orun berilmeginiň tarapdary boldular. Hakykatda, genetikada mutasiýalaryň açylmagy tebigy seçginiň maddy sebäplerini görkezdi. Nesle geçýän üýtgeýjiligiň maddy birlikleriniň-genleriň açylmagy bolsa seçginiň täsiriniň netijeleriniň berkleşmeginiň, saklanmagynyň we toplanmagynyň mümkinçiligini subut etdi. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda genetikanyň darwinizme garşy goýulmasynyň emelidigine düşünildi we şondan soň Darwinizmiň beýleki ylymlar bilen sintezi başlandy. Genetika bilen darwinizmi birleşdirmek boýunça russiýaly alym-zoolog Nikolaý Konstantinowiç Kolsow (1872-1940) köp işleri bitirdi. Onuň şägirdi Sergeý Sergeýewiç Çetwerikowyň (1880-1959) we başga-da birnäçe alymlaryň tagallasy bilen populýasiýon genetika ýüze çykdy. Ewelýusiýon teoriýanyň embrologiýa paleontologiýa, genetika, ekologiýa ýaly biologiki ylymlar bilen sinteziniň zerurlygy mälim boldy.   

 

 

 

 

 

 

  

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


 



Информация о работе Ewelýusiýanyň sintetiki teoriýasynyň emele gelmegi